Loading…
Tylla Nal logo

Gümrük Hyzmatlar

Biziň bilimimiz we ýerli tejribämiz bilen “Tylla Nal” ähli gümrük resmileşdirmelerinde esasy hyzmatdaşyňyz boljakdygyny subut eder.

Kompaniýalaryň köpüsi üçin halkara bazaryna girmek, işewürligi ösdürmekde möhüm ädimdir. Eksport-import amallary harytlaryň gümrük taýdan resmileşdirilmegi bilen baglanyşykly we gümrük kanunlaryny öwrenmän ýerine ýetirmek kyn.

TYLLA NAL' bilen hyzmatdaşlyk daşary ýurt ykdysady işjeňligine gönükdirilen kompaniýalara daşary ýurtly hyzmatdaşlar we müşderiler bilen işini optimizirlemäge we halkara aragatnaşyklarynda ýük daşamagyň çalt üpjün edilmegine mümkinçilik berýär. Gümrük wekillerimiziň gümrük taýdan resmileşdirmekde uly tejribesi bar, şonuň üçin gümrük taýdan resmileşdirmek prosesi netijeli we gysga wagtda tamamlanar.

Gümrük amallaryny ýerine ýetirmekde uly tejribesi bolan ökde hünärmenler gümrük taýdan resmileşdirmegiň ähli proseduralaryny ýokary hilli we gysga wagtda tamamlar.